"Tanyş bol Akustik" programmamyzdan bir bölejik bolan bu wideoda halypa bagşymyz Agamyrat Kürtüň sesinden Soltan Söýün - Myraly dessanyndan Serwi Agajy halk aýdymyny diňläp bilersiňiz.
Agamyrat Kürt onlarça bagşynyň halypasy halk bagşymyz Gurt Ýakubyň şägirdidir. Gurt Ýakubyň gündogar sungatynyň ses tehnikalaryny türkmen halk aýdymlarymyzdaky ýerine ýetiriş tehnikasy bilen harmanlap bir ýol döretdi. Agamyrat Kürt bolsa Gurt Ýakubyň guran ýoluna Azerbaýjan ses tehnikalarynam goşup, özboluşly bir ýol döreden halypa derejesindäki modern ozanymyzdyr.
Ещё видео!