"Ykbal bolmady" (Magtymguly pyragy)
Köp ýigitler gelip, geçdi jahandan,
Niýetine görä ykbal bolmady,
Gerdişi keç kahba pelek elinden,
Ertiri şat bolan öýlän gülmedi.
* * * * *
Günde kepen biçer bu ajal haýýat,
Bir beladyr, hiç gutarmaz bu saýýat,
Pelle-pelle aşak düşer adamzat,
Bu gün gördigimiz ertä galmady.
* * * * *
Nesihatym diñle, eşit bu sözi,
Bir degişhanadyr düñýäniñ ýüzi,
Ajal ýetip, adam ýumulsa gözi,
Göýä bu dünýädege geldi, gelmedi.
* * * * *
Hemaýun gorganyn saldyran Harun,
Dünýäni tört bilen kany Feridun,
Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun,
Gözi-gumdan doldy puldan dolmady.
* * * * *
Magtymguly haýran, her ýana bakar,
Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?!
Ýagşy oguldan rahmet arygy akar,
Lagnatkerde ogul boldy, bolmady.
![](https://i.ytimg.com/vi/261U267xxEs/maxresdefault.jpg)