Türkmenistanyň erkin we grek-rim göreşleri boýunça ýetginjekler ýygyndy toparlary Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçýän Aziýa çempionatynda (U17) göreşýärler. Şol ýerden gelip gowuşýan hoş habarlar bolsa sportuň şu görnüşlerinden milli mekdeplerimiziň derejesini görkezýär.
Ildeşimiz Alp Arslan Begenjow 71 kilograma çenli agram derejesinde erkin göreşden bürünç medala eýe çykdy..
71 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan türkmen türgeni üçünji orun ugrundaky tutluşykda mongoliýaly Bilguundalaý Purewdagwany 10:0 hasabynda ýeňdi.
Döwletgeldi Myradow bolsa şol görnüşden 80 kilograma çenli agramda hormat münberiniň ikinji basgançagynda ornaşmagy başardy.
17 ýaşly türgenleriň arasynda geçýän ýaryşa 30-dan gowrak ýurtdan 450 çemesi pälwan gatnaşdy.
TÜRKMENISTANLY AÝBEGŞAZADA KÜRRÄÝEW AZIÝA ÇEMPIONATYNYŇ (U23) BÜRÜNÇ MEDALYNY EÝELEDI
Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde dowam edýän sport göreşi boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgeni Aýbegşazada Kürräýew uly üstünlige ýetdi. Ol 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça 130 kilogram agram derejesinde çykyş edip, yklymyň çempionatynyň bürünç medalyna eýe boldy.
Şu agramdaky ýaryşyň finalynda hytaýly Wejhao Žiang bilen gazagystanly Johar Uzarow duşuşdy. Hytaýly türgen Aziýanyň çempiony boldy.
Ildeşimiz bolsa bürünç medal ugrundaky göreşde özbek türgeni Asrorbek Anwarjanowy ynamly ýeňmegiň hötdesinden geldi. Ol bu garşydaşyndan 4:0 hasabynda üstün çykdy.
![](https://i.ytimg.com/vi/2PNCdXKWobI/maxresdefault.jpg)