Bizi instagramda yzarlaň: @erjellik
Habarlaşmak üçin: erjellik@gmail.com
Sakgyç hakynda...
Sakgyçlar adatça, süýji- köke öndürýän kompaniýalar tarapyndan öndürilýär. Ilkinji sakgyç fabrigi 1848-nji ýylda Jon Kertis tarapyndan ABŞ-nyň Men ştatynyň Bangor şäherinde açylypdyr. Önümçilik senagatynda konweýeriň peýda bolmagy bilen sakgyç öndürmek Amerikada we dünýäde ýoň bolup başlapdyr.
1850-nji ýyllarda Kertis önümçiligini giňeldipdir. “Curtis Chewing Gum Company” kompaniýasynyň Portlendde gurlan fabriginde 200 işgär zähmet çekipdir we önümleriň görnüşi köpelipdir.
“Tutti- Frutti” kompainýasy 1890-njy ýyllarda Nýu-Ýorkda awtomat usulda sakgyç satýan enjamlary ýola goýýar. Sakgyç öndürmekde häzirki wagtda hem öňdeligi eýeleýän “Wrigley” kompaniýasy hem şol döwürler döredilipdir. Ony William Rigli esaslandyrýar. 1893-nji ýylda Rigliniň fabriginde “Spearmint” we “Juicy Fruit” atlary bilen narpyz we miwe tagamly sakgyçlar öndürilip başlanýar. “Wrigley” daşary ýurtdaky önümçilik desgasyny 1910-njy ýylda Kanadada açýar.
Sakgyç önümçiligi
Häzirki döwürde sakgyç önümçiligi we bazary öz gerimi boýunça örän giň meýdany gurşap alýar. Onuň ýyllyk önümçiligi 28 müň tonna barabardyr. Şeýle görnüşli önümçiligi ýola goýmakda ilkinji goýum ortaça 5000 $-dan 50 000 $ aralygy. Harajadyny ödeýjilik wagty, takmynan, 12 aýdan 48 aý aralygydyr. Çak edilýän gündeki girdeji 900 – 1500 $.
Sakgyç nämeden ýasalýar?
Sakgyjyň nämeden ýasalýandygy hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Ol çeýnelýän rezin maýyşgak sintetik maddalardan alynýar. Bu sintetik çig maly owuntyk görnüşinde uly çelege ýerleşdirilýär we birnäçe wagtdan boýaglar we ys beriji maddalar bilen baýlaşdyrylýar. Garym döwrüniň başynda glýukoza esasly şeker ergini goşulýar we biraz soňra emeli süýjediji madda (dekstorza) goşulýar. 20-30 minut garylandan soň, ýokary temperaturaly garyjyda gyzdyrylýar. Bir bütewi sakgyç hamyry emele gelenden soňra ýörite pressleýji enjama salynýar we gerekli mukdarda zolaklar emele gelýär. Gerekli göwrümdäki maýyşgak hamyr massasy alnandan soň, sowadyjyda -370C gradus sowukda 20 minutlap saklanýar. Zolaklar sowadylandan soň ownuk böleklere bölünip, ýörite dolaglara dolanyp, gaplara gaplanýar.
Önümçilik düzümi
Önümçilik düzüminiň enjamlaşdyrylyşy çykaryljak önüme bagly. Iň pes enjamlaşdyryş toplumy şulary öz içine alýar: ekskruder, daşaýjy konweýer, uly göwrümli sowadyjy kamerasy, sozujy enjamlar, gaplaýjy abzallar. Önümçilik üçin göz öňüne tutulýan meýdan 1500 kwadrat metrdir.
CEŞME: BIZNES REKLAMA| 26.12.2016| 6 SAH. | HARYDYŇ TARYHY| SAKGYÇ ÖNÜMÇILIGI| MÜLKAMAN ORAZMÄMMEDOW
Image: [ Ссылка ]
Poster vector created by macrovector - www.freepik.com
Sakgyç hakynda | Erjellik
Теги
sakgyçnämedenýasalýarsakgyzsakgyz nameerjellikerjelikgyzyklyjaturkmenistanasgabatmarybalkanlebapdasoguzahalturkmen bloggerbelet wideohabarsyz galmamedia tmsakgyc hakyndasakgyc onumciligidj beggamergen annamuhammedowdowlet annageldiyewsohbet jumayewmyrat mollayagshy showellis productiongulki dukanybiznesonumcilikdine one