Iline gününe ysnat getiren,
Ýok zatlary samahyllap oturan,
Samsygyň samsygy ýoluny ýitiren,
Tüf ýüzüňe, nälet siňen ykmanda!
Golaýyňda bolsam eger şu pille,
Ýalyk daňyp başyňdaky paňkellä,
Hezil edip baý kakardym heşelle,
Tüf ýüzüňe, nälet siňen ykmanda!
Agzyna syganyny iýen haýwandyr,
Agzyna gelenini diýen nadandyr,
Şagal uwlap iş bitirdim diýýändir,
Tüf ýüzüňe, nälet siňen ykmanda!
Zeý suw içre warkyldaýan gurbaga,
Guýruk bolup çümüp gitdi çür baga,
Kim ynanar seniň ýaly duraga?
Tüf ýüzüňe, nälet siňen ykmanda!
Bir görseň-ä möjek bolup uwlaýaň,
Adam görseň ogry ýaly duwlanýaň,
Uzyn guýruk ýylan bolup towlanýaň,
Tüf ýüzüňe, nälet siňen ykmanda!
Weli-tilki, besdir galat gepleme!
Ýalan sözi ýalan gepe sepleme,
Sen watansyz ýalňyz galan ýekele,
Tüf ýüzüňe, nälet siňen ykmanda!
Weli-şagal baryp ýatan kezzap sen!
Wyz-wyz edýäň siňek ýaly wyzlap sen,
Nirä barýäň balagyňy çyzlap sen,
Tüf ýüzüňe, nälet siňen ykmanda!
#duryalan #yalangep #yalangurrun #yalantohmet #donuk #turkmenistan #turkmen
![](https://i.ytimg.com/vi/8ETw5UZACFo/maxresdefault.jpg)