Efirde käbir paýyş sözler bar hem bolsa, efiriň akyşy pozupmasyn diyip aýyrmadyk.Elbetde käte şeýle paýyş sozlerem gahardan gidendir. Ýöne halkyň häzirki psihologik ýagdaýy we gelen netijesini görmek we görkezmek hem gerek! Ynha Turkmenistanyň raýatlaryny şu güne salanlar, 2 ýyllap Pandemia krizisini çözup bilmedikler, şonlukda uçarlary ýola goýup bilmedikler, Hassalarmyzyň gözgyny ýagdaýda daşary döwletlerde galmagy we jaýlanmagy, henizem gidip we gelip bilmeýänlermiz, Pasport meseleleri we yene de 100lerçe meseleler ara alnyp diskussiýa edildi. Bu zatlaryň hemmesine de häzirki hökümetimiziň jogapkärçiligindedir. Şunça problema barka türkmen telewideniýesi "Arkadagly zamana" diyip yalan propagandany edip oturmagy we dymmagy ynanylar ýaly däl. Bularyň ynsanlykdan hiç hili paý almandygyny we häzirki hokumetiň öz Halkyna gaty ýowuz daralaşýandygynyň subutnamasydyr! Meseleleri wagtynda çozmeseňiz şular ýaly başga wagt ,başga yerden partlap çykjagy ikuçsyzdyr. Şular ýaly elementarny zatlary hem bilmeyan, bilmediklerinem bilmeyan, ukypsyz hökümet Dünýäde barmyka diydiryar!!!
![](https://i.ytimg.com/vi/9FS0dfENkYY/maxresdefault.jpg)