2024/2025-nji okuw ýyly üçin Hylaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär:
Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 3-10-njy ýanwary aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
2024/2025-nji okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçiryar.
Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 3 — 10-njy ýanwary aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) mak-satnamasy boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
![](https://i.ytimg.com/vi/EPHMWlT5GPk/maxresdefault.jpg)