Bizi instagramda yzarlaň: @erjellik
e-mail: erjellik@gmail.com
Üstünlige degişli 7 ýalňyş düşünje
1. Üstünlik gazanmak üçin bilimli, daşary ýurt dili bilýän we ýokary okuw mekdebini tamamlamak hökmanydyr.
Gowy daşary ýurt dilini bilýän we ýokary okuw mekdebini tamamlan hem bolsa, şowsuz, üstünliksiz adamlar diýseň köp. Aslynda, islendik adam üstünlik gazanyp biler. Üstünlik, bu näme isleýäniňi bilmek, isleýän zadyňa ýetmek üçin eliňden geleni etmek we öz öňüňde goýan maksatlaryňa ýetmekdir.
2. Üstünlikli adamlar hepdede azyndan 60-70 sagat işlemelidir. Siz hem üstünlik gazanmak isleýän bolsaňyz, hepdede azyndan 60 sagat işlemelisiňiz.
Üstünlik – bu uzak wagtlap işlemek dälde, eýsem, işe sarp edýän wagtyňy dogry peýdalanmakdyr.
3. Üstünlikli bolmak köp pul gazanmak we baý bolmakdyr.
Baýlyk we pul üstünligiň netijesiniň diňe bir bölegidir. Üstünlik öňüňizde goýan maksadyňyza ýetmekdir. Her bir ýetilen maksat bolsa, hemişe köp puly we baýlygy kepillendirmez.
4. Üstünlik mümkinçilik işidir. Ýagny diňe mümkinçiligi bolan adamlar üstünlige ýetip bilerler.
Utuşly lotereýadan pul gazanmak, elbetde, bu üstünlikli mümkinçilikdir. Ýöne her bir üstünlik mümkinçilik däldir, tersine, etjek işiňi meýilnamalaşdyrmak, şol meýilnamalar esasynda-da etjek işiňi ýerine ýetirmek, ine, bu üstünlikdir.
5. Üstünlikli adamlar hiç haçan ýalňyşmaýarlar.
Her bir adam ýalňyşyp biler. Ýalňyşmaýan adam ýokdur. Ýöne eden ýalňyşyndan sapak alýan we almaýan adamlar bardyr. Üstünlikli adamlar hem beýleki adamlar ýaly ýalňyşyp biler. Ýöne olar eden ýalňyşlaryndan sapak alyp, onuň gaýtalanmagyna ýol bermezler.
6. Üstünlikli bolmak ähli dertlerden dynmak diýmekdir.
Üstünlik durmuşdaky ähli meseleleri çözüp bilmez. Gazanylan her bir üstünlik, şondan soňky ähli üstünlikleri kepillendirip bilmez. Üstünlik gazanylandan soň hem dürli meseleler bilen garşylaşmagyňyz tebigydyr. Ýadyňyzdan çykarmaň, üstünlik sizi adatdan daşary işjeň adam edip bilmez.
7. Meşhur bolmak üstünligiň esasy görkezijisidir.
Köp pul gazanyp bilersiňiz, örän meşhur bolup, her kim sizi tanap biler, käbir baýraklara mynasyp bolup bilersiňiz, köpçülik siziň ýerine ýetirýän işleriňizi biler. Ýöne bular üstünlik gazanmak üçin gerekli bolan esasy şert däldir. Hiç kim sizi tanamasa-da, baý bolmasaňyz-da, siz diňe bilýän zadyňyz bilen hem diýseň üstünlikli bolup bilersiňiz.
CEŞME: BIZNES REKLAMA | 23.10.2017 | ÜSTÜNLIGIŇ TAGLYMATY - 7 SAH. | ÜSTÜNLIGE DEGIŞLI 7 ÝALŇYŞ DÜŞÜNJE| HUMAÝ DURDYHANOWA
Üstünlige degişli 7 ýalňyş düşünje | Erjellik
Теги
ustunlige degisli 7 yalnys dusunjeustunlige degisli yalnys dusunjeyalnys dusunjeerjellikgyzyklyjaerjellik youtubeustunlik baradaüstünlige degişli 7 ýalňyş düşünjeüstünlik baradaýalňyş düşünjelerustunlik mifidowlet annageldiyewmergen annamuhammedowdj beggahabarsyz galmamedia tmahmet meredowturkmenistanasgabatmarybalkanlebapdasoguzturkmen habarlaryturkmen youtuberturkmen prikolturkmen cyracy gyzlarvip asgabatpeydaly maslahatbay