Awtor: [ Ссылка ]
Çeşme: [ Ссылка ]
Salam men YAMAN243
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda
bütin soraglaryňyza
Dogry we dürs jogap berjegime söz berýärin.
(Hemmäňiziň ýeriňizden galmagyňyzy haýyş edýärin.)
(sud başlady)
Salam men YAMAN 243
Bir azajyk gödek onnada soramok ötünç.
Özüm Nebitdagly, ýöne Gumdagda doglan
Ýaşym iki dört taýfam hewipli ýomut oglan
18-i dolduryp
çykyp gaýtdym geljek diýip
Köpüsiniň bilmeýän zatlaryny
biljek diýip
Gaýdyp geldim watana
bilenlerimi bildirjek diýip
Dilim bilen beýnim gulpladylar, gürläýme diýip.
Iş gözläp aýlandym, özüme göwnüm ýetýär.
Tanyş soradylar, soňam diýdi puluň ýerýämi?
Adalat isledim, ýöne tanamadylar.
Adalaty gürrüň berdim, halamadylar.
Hassalyk degdi gitdim doktora
Oçura durmak üçin blýat durdum oçura.
Doktora girdim, soramady meň näme derdim.
Jübüden çykaryp kagyzly kagyzy berdim.
Muny öýlän, muny agşam iç alarmy gur.
Bolýar diýdim, diýdi "Inim aýlanyp dur"
O hassamy ýa-da men, bilip bilmän durun.
Özüme geljek bolup ýüzüme çalyp suw
(O hassamy ýa-da men bilip bilmän durun)
(Özüme geljek bolup ýüzüme çalyp suw)
(O hassamy ýa-da men bilip bilmän durun)
(Özüme geljek bolup ýüzüme çalyp suw)
Ogry girdi öýüme
Gorag gulluga habar berdim.
Diýdiler: "Işimiz kän, näme diňe senmi derdim?"
Ogryny tutmak üçin
bulara-da nagt berdim
1 sagatdan jaň edip
diýdi: "Inim tutup geldim"
Ýüzüm asyp
Ýöräp barýan men ýeke özüm.
Bir giden urşýan aýallara düşdi gözüm
Hemmesi mugallym eken soňra bildim
Bankomat pul bermändir, mugallym bolsa bilim
Dogan dogana çörek berenok bir dilim.
Şulara gahar edip çözdüm, daňylan dilim
Beýnide gorky bar, dilim ony diňlänok.
Bu gelejegiň başy, belki muny bilýän ýok.
Gorkup duran kän ýogsam,
gürlejek ýok.
Demokratiýa isleýän bolsaň, içiňi dök.
Adalat bilen bilimi,
etdiler dilim dilim
Ewolusiýa bolmasa, rewolusiýa eder dilim
Sud gutardy
ýakdym soňkuja çilim.
Siz üçin etdim bulary
şony bir biliň.
Garalamak tutdum
garalamak üçin gara günüm.
Bir gün gyzarar meňem
bu gara gülüm.
![](https://i.ytimg.com/vi/Nm1HbXBufPM/maxresdefault.jpg)