Aýdylyşyna görä Roza Babajanowada öňden süýji keseli bar eken. Soňky günlerde bütin daşary ýurtda okaýan talyplaryň başyna gelen kynçylyklar onuňam başyna geldi we talyp gyzymyz gynansakda bu kynçylygy ýeňip geçmekden ejizdi. Häzir Rozanyň jansyz bedeni hassahana morgunda saklanýar we ony almak üçinem pul islenýär, açlykdan kynçylyk çekýän talyplarda pul nirden bolsun. Daşary ýurtly raýatlara kömek üçin gurulan ilçihanalarymyzyň bar bilen zady arkadagyny öwüp baş galdyrýan talyplary gorkuzmak bolany üçin entäk Rozanyň işlerine elini urup bilenok. Gorkmaga dowam edelimi ýoldaş talyplar we watandaşlar!!!
![](https://i.ytimg.com/vi/TkWNjWYnqfg/mqdefault.jpg)