Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda «Arkadag şäheri — dünýä nusgalyk «akylly» şäher» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň ýakynda mynasyp bolan halkara baýraklaryna bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler ýakynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergä türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň we onuň çäklerinde Arkadag şäheriniň üç sany halkara baýraga mynasyp bolmagynyň ildeşlerimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredendigini aýratyn bellediler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän şäheriň iň bir döwrebap şähergurluşyk taslamasy hökmünde dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň, onuň öňdebaryjy binagärlik çözgütleriniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Halkara sergide ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherine «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýraklar gowşuryldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, hormatly il ýaşulusy Amangeldi Orazowyň çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen döredilen, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen dabaraly açylyp ulanmaga berlen döwrebap şäher diňe bir dünýäniň şähergurluşyk taslamalarynyň ajaýyp nusgasy bolman, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň keşbini beýan edýän, bagtyýar durmuşyň joş urýan mekanydyr. Köpetdagyň eteginde, howasy jana şypaly künjekde döredilen şäherde türkmenistanlylaryň müňlerçesi bagtyýar ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýarlar, zähmet çekýärler we bilim alýarlar. Munuň üçin ildeşlerimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Azat Babaýewiň çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerine, oýlap tapyşlaryna uly ähmiýet berilmegi netijesinde, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna täzeçil ýörelgeler ornaşdyrylýar. Arkadag şäherinde hem ýaşlaryň şähergurluşyk we tehnologiýa babatdaky ylmy pikirlerine hem-de oýlap tapyşlaryna giň orun berildi. Bilim almak, öwrenmek, ylmy işlerdir taslamalary taýýarlamak üçin döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden ruhlanýan ýaşlar ylym-bilim we oýlap tapyşlar dünýäsine has çuňňur aralaşyp, täzeden-täze, milli ykdysadyýetiň ösüşini nazarlaýan ylmy gözlegleri alyp barýarlar.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzy ähli ugurlarda ösüşiň täze belentliklerine götermekde, dünýäde giň-den tanatmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Şeýle hem hoşallyk maslahatynda Arkadag şäherindäki medeniýet we sungat ugurly edaralaryň hem-de bilim ojaklarynyň döredijilik işgärleriniň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleri wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Ещё видео!