28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemledi.
Ýaryşyň 2 gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar. Çempionatyň 1-nji gününde türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagyň hötdesinden geldiler. Dinara Rozykulowa (63 kg çenli) we Mariýa Lohowa (70 kg çenli) hormat münberiniň iň ýokary basgançagynda orun aldylar. Aýşirin Haýdarowa (48 kilograma çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli) we Sanjar Abdyrahmanow (90 kg çenli) kümüş medala, Gülşat Annaýewa (57 kg çenli), Ruslan Esgerow (100 kg çenli), Sapa Sapaýew (100 kg ýokary) bolsa bürünç medallara eýe boldular.
Galan 7 medal toplumy ugrunda ýaryşlar — dünýä çempionatynyň jemleýji gününde geçirildi. Erkekleriň arasynda 4, zenanlaryň arasynda hem 3 agram derejesinde geçirilen ýaryşlaryň netijeleri boýunça türkmenistanly türgenler ýene-de 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýygyndy toparyna 3-nji altyn medaly Wepa Awlýakulyýew (60 kg çenli) getirdi.
Türkmenistanyň toparynda 4-nji altyn medaly dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýan Sabina Kadyrowa (78 kg çenli) eýelemegi başardy. Ol birinji tapgyrda, duşuşygyň 16-njy sekundynda Andrea Guillenden (Meksika) üstün çykdy. Soňra türgenimiz çärýek finalda Şital Şitaldan (Hindistan), ýarym finalda we finalda çekeleşikli duşuşyklarda, degişlilikde, bürünç medalyň eýesi Saba Karamaliden (Eýran) we dünýäniň wise-çempiony Filura Ergaşowadan (Özbegistan) üstün çykdy. Şu agyrlyk derejesinde bürünç medallaryň ýene biri Çia-Lin Liuwa (Hytaý Taýpeýi) gowşuryldy.
Ýurdumyzyň toparynda 5-nji altyn medala Daýanç Omirow (81 kg çenli) mynasyp boldy. Şeýle üstünlige barýan ýolda ol ilki Tom Belen Santanuwdan (Dominikan Respublikasy), soňra bolsa Çansik Wudan (Koreýa Respublikasy), Ramin Ahmadzadeden (Eýran), Bekadil Şaýmerdenowdan (Gazagystan) üstün çykdy we hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna baryp ýetdi. Gazagystanly pälwan Bekadil Şaýmerdenow kümüş medala, eýranly Ramin Ahmadzade we özbegistanly Umid Esanow bürünç medala mynasyp boldular.
Türkmenistanyň toparynda kümüş medala Şatlyk Jumanyýazow, Jahan Muhammedowa we Sabina Agajanowa mynasyp boldular. Şatlyk Jumanyýazow 73 kg çenli agyrlyk derejesinde kümüş medaly eýeledi. Abdilkair Maulenin (Gazagystan) altyn medala, Niko Tçikaidze (Gruziýa) we Jaedeog Kwon (Koreýa Respublikasy) bürünç medala mynasyp boldular. Jahan Muhammedowa 87 kg çenli agyrlyk derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başardy. Bu derejede Pokizahon Kamoldinowa (Özbegistan) dünýäniň çempiony bolsa, Moldir Nurlanbek (Gazagystan) we Pargati (Hindistan) bürünç medaly eýelediler.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Döwlet Hemrakulyýew (66 kg çenli) bürünç medal gazandy. Şu agyrlyk derejesinde ikinji bürünç medala Hairandeşi Murodzoda (Täjigistan) mynasyp boldy. Majid Wahid Barimanlu (Eýran) kümüş medaly eýelese, Çori Zoirow (Özbegistan) dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy.
Soňky ýyllarda türkmen türgenleri kuraş boýunça uly üstünlikleri gazandylar. Hindistanda geçirilen ozalky dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar. Şu gezekki ýaryşda bolsa ýurdumyzyň ýygyndy topary 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle görkeziji bilen biziň pälwanlarymyz medallaryň umumy sany boýunça (15) beýleki toparlardan ep-esli öňe geçmegi başaryp, altyn medallaryň sany babatda diňe Özbegistanyň ýygyndy toparyny öňe geçirdi. Özbegistanyň pälwanlary 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Baýrakly üçünji orny Gazagystanyň ýygyndy topary eýeledi. Bu ýurduň pälwanlary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen ýaryşy tamamladylar.
Myhmanlar üçin ýurdumyzyň taryhy, halkymyzyň baý medeni mirasy, gadymy däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga, milli tagamlarymyzdan lezzet almaga, ak mermerli Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gözelliklerini synlamaga mümkinçilik berýän ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy.
Şu gezekki dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi. Türgenler we janköýerler Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyndan çäksiz lezzet aldylar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary, ýakyndan goldaw bermekleri netijesinde mümkin boldy.
2023-nji ýylyň dünýä çempionaty ajaýyp sport baýramçylygy hökmünde hemmelere ýatdan çykmajak duýgulary we şatlyk paýlady. Bu ýaryşyň üstünlikli geçmegi ähli türkmenistanlylaryň eziz Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy hem-de dünýä derejesindäki iri ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge ukyply ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýyny nobatdaky gezek belende galdyrdy.
![](https://i.ytimg.com/vi/WQlS4IYtAZk/maxresdefault.jpg)