Şu günki programmamyzda:
- Balkan welaýatynda çagalaryň arasynda näbelli wirus ýaýraýar. Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň saglyk işgäriniň birnäçesi lukmançylyk edarasynyň çagalar bölüminde ýatymlaýyn bejergi almak isleýän çagalar üçin ýer ýokdugyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji iýulda sebitden maglumat berdi.
- Türkmenistanda daşary ýurda gitmek üçin pasport etdirmek isleýänleriň iki ýyla uzan nobatlaryna indi ýazylmak hem kynlaşdy. Daşogzuň migrasiýa gulluklary adamlary nobata goýmakdan ýüz öwürýärler. Azatlygyň habarçylary demirgazyk welaýatdaky ýagdaýy öwrendiler.
- Aşgabadyň häkimiýetleri şäher ýaşaýjylarynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň umumy howlularynda nahar bişirip, üýşmeleň etmegine gözegçiligini artdyrýar. Şu günler häkimiýet wekilleri ýaşaýjylara bu howlularda çişlik bişirmegi gadagan edýär. Gadagançylygyň sebäbi barada häkimiýetler tarapyndan anyk düşündiriş berilmeýär.
- Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň lideri Şi Szinpin 3-nji iýulda Gazagystanda Belarusy agzalyga kabul etjek guramanyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) iki günlük sammitine başlady.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
![](https://i.ytimg.com/vi/b7EMEGul3DM/maxresdefault.jpg)