Soňky aýlarda Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy dodak çişirtmek, ýasama kirpik dakdyrmak, kosmetika ulanmak, dyrnak ösdürmek ýaly gadagançylyklar girizildi, hatda aýal-gyzlaryň ýeňil awtoulaglaryň öň tarapdaky oturgyjynda oturmaklaryna çenli häkimiýetler tarapyndan gözegçilik güýçlendirildi. Ýöne türkmen zenanlarynyň botoks we gaş-dyrnak gadaganlygyndan ozal hem wawwaly durmuş hupbatlary bardy. Türkmenistanda ýyl-ýyldan barha ýaramazlaşan ykdysady şertler, durmuş-ykdysady meseleler, demikdiriji awtoitar syýasat Türkmenistanda hem zenanlar üçin, hem erkek raýatlar üçin durmuş kynçylyklaryny öz ýany bilen getirýärdi. Bu sözleri Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar we synçylar öwran-öwran gürrüň berýärler.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
![](https://i.ytimg.com/vi/rmvcIAB6B6E/maxresdefault.jpg)