Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2024» döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Bäsleşikde ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýandygyna, okadýan dersleri boýunça okuw kitaplarydyr gollanmalary işläp taýýarlaýandygyna, bilimi, ylmy we önümçiligi özara utgaşdyryp sapak okadýandygyna görä baha berilýär. Onuň esasy şertleriniň biri mugallymyň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny, sanly ulgamy, dünýä tejribesini ulanmak bilen, sapagy ylmy esasda guramagy başarýandygyny açyp görkezmekden ybaratdyr.
Şunlukda, tejribeli mugallymlaryň okadýan dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, elektron kitaplary, gollanmalary, wideo we audiomateriallary, interaktiw-multimedia programmalaryny, okuw-görkezme esbaplaryny, distansion bilim tehnologiýalaryny sapakda döredijilikli peýdalanmaklary eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mugallymy Gunça Seýilbaýewa baş baýraga mynasyp görüldi.
Bäsleşikde birinji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amangül Esenmädowa, ikinji orny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Göwher Şukurowa hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Oguljennet Jumalyýewa eýelemegi başardy.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Jumagylyç Mämmedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy Jumamuhammet Abdyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň uly mugallymy Döwran Karajaýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy Tawus Atdaýewa dagy bolsa üçünji orundan paýly boldular.
![](https://i.ytimg.com/vi/s3jWUatTLiA/maxresdefault.jpg)